Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň dizaýny mälim edildi

  • 15.11.2023 14:48
  • 14k+

Abraýly insaýder «Ice Universe» «X» sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýakyn wagtda çykjak «Samsung Galaxy S24 Ultra» flagman smartfonynyň ýokary hilli render suratlaryny paýlaşdy.

«Aýdyň, siz «Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň» çykmagyna garaşýarsyňyzmy? Bular smartfonyň iň takyk render suratlary» diýip, insaýder publikasiýasynda ýazgy ýerleşdiripdir.

Suratlarda smartfonyň ekranyň töwereginde inçe we simmetrik çarçuwalara, şeýle hem frontal kamera üçin has kiçi kesime eýe boljakdygyny görkezilýär. Suratlardan «Galaxy S24 Ultra-nyň» tekiz ekran bilen üpjün ediljekdigini görmek bolýar.
«Ice Universe» smartfony eýýäm görendigini we täze önümiň render suratlaryndan hem has owadan görünýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, «Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň» dizaýny her bir erkek adama ýarar.
«Samsung-yň» flagman smartfonlarynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda çykmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...