Xiaomi-niň bazar bahasy Hytaýda Apple-iň satuwynyň peselmegi sebäpli $20 mlrd ýokarlandy

  • 15.11.2023 11:45
  • 7.1k+

Bloomberg agentliginiň hasabyna görä, iýun aýyndan bäri Hytaýyň Xiaomi elektronika öndürijisiniň bazar bahasy 20 mlrd dollar ýokarlandy. Agentlik kompaniýanyň bahasynyň ösüşini Apple kompaniýasynyň Hytaýdaky satuwynyň peselmegi we onuň bäsdeşleriniň, şol sanda Xiaomi-niň satuwynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar diýip, kommersant.ru belleýär.

Noýabr aýynyň başynda Apple umumy girdejiniň yzygiderli dördünji gezek pese gaçandygy barada hasabat berdi. Hünärmenler muny, ilkinji nobatda, Apple üçin üçünji uly söwda bazary bolan Hytaýda satuwlaryň peselmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Apple-iň Hytaýdaky bölümçesiniň girdejisi 2,5% azalyp, 15,1 mlrd dollar boldy. Bu sebitde kompaniýanyň satuwyna umumy ykdysady pese gaçyş, şeýle-de ýerli kompaniýalar tarapyndan bäsdeşligiň ýokarlanmagy-da ýaramaz täsir edýär.
Analitikler Apple kompaniýasynyň ýerli bäsdeşleriniň girdejileriniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşýarlar.

“Huawei özboluşly kamera funksiýalary we hemra aragatnaşygy bolan täze önümleri arkaly satuwyny işjeň ýokarlandyrýar. iPhone-yň Hytaýdaky satuw depgini haýallaýar, sebäbi köp sarp edijiler täze iPhone-yň funksionallygynda uly bir üýtgeşmeleri görmeýärler” – diýip, Bloomberg GAM Investment Management maýa goýum kompaniýasynyň analitigi Szýan Si Korteziniň sözlerini getirýär.


09.05.2026 16:36
3.5k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

07.03.2026 18:05
3.3k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...

23.01.2026 15:56
3.8k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy...