Arzan iPhone SE 4 smartfony iPhone 14 flagmanyna meňzedilip öndüriler

  • 15.11.2023 10:27
  • 8.5k+

Apple iPhone 14 flagmanyna meňzeş korpusa eýe boljak iPhone SE 4 arzan smartfonyny çykarmaga taýynlanýar.

Bellenilmegine görä, Apple täze arzan smartfonynda «Home» düwmesini ulanmaz. Muňa derek, täze «iPhone» «iPhone 14-iňki» ýaly çarçuwasyz korpus bilen üpjün ediler, olaryň daşky keşbindäki ýeke-täk aratapawut arzan nusgada diňe bir esasy kameranyň bolmagydyr.
Goşmaça sensoryň ulanylmazlygy agramy 165 gram bolan «iPhone SE 4-iň» ölçeglerine oňyn täsir eder.
Şeýle hem arzan nusga Face ID skanerini we USB-C birikdirijisini alar. «iPhone SE-niň»  öndürijiligine «Apple A16» çipi jogap berer.
Dördünji nesil «iPhone SE-niň» tanyşdyrylyş dabarasynyň 2024-nji ýylyň ýazynda geçirilmegine garaşylýar.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...