«Jon Uik 5» üçin ssenariý ýazylyp başlandy

  • 15.11.2023 10:17
  • 4.9k+

Lionsgate Motion Picture Group-yň başlygy Jo Dreýk «Jon Uik 5-iň» ssenariýesiniň ýazylyp başlanandygyny tassyklady. Dreýkiň sözlerine görä, topar onuň üstünde Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň iş taşlaýşy gutarandan soň işläp başlady.

«Edil ssenariýeçileriň iş taşlaýyşlary başlan wagty, biz onuň üstünde işläp başlapdyk we gutaran badyna ýene oňa gaýdyp geldik» - diýip ol belleýär.

Ozal franşizanyň prodýusseri Beýzil Iwanik «Jon Uikiň» bäşinji bölüminiň hökman çykjakdygyny, ýöne başga bir keşbe bagyşlanyp biljekdigini aýdypdy.
«Jon Uikiň» älemindäki indiki eser maşgalasynyň aryny almaga mejbur bolan hakyna tutulan zenan hakdaky «Balerina» filmi bolar. Filmdäki baş keşbi Ana de Armas ýerine ýetirer, filmiň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň tomsunda bolar.

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......