«Narniýanyň ýyl ýazgylary» filmi 2024-nji ýylda surata düşürilip başlanar

  • 14.11.2023 19:17
  • 6.8k+

«Netflix Film» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Skott Stuber «Narniýanyň ýyl ýazgylary» romanlar toplumynyň esasynda täze filmiň surata düşüriljekdigini aýan etdi. Taslama «Barbi» filmi bilen meşhurlyk gazanan Greta Gerwig režissýorlyk eder.

Stuberiň bellemegine görä, filmiň önümçiligine 2024-nji ýylda girişiler. Režissýoryň iki filmiň üstünde işlejekdigi bellenildi.
Ozal Greta Gerwig interwýusynda üstünde işleýän täze bir taslamasy bilen baglanyşykly gorkunç düýşleri görüp başlandygyny aýdypdy. «Men häzir ssenariýa ýazmak bilen meşgullanýaryn. Bu gaty kyn, sebäbi şolbir gaýtalanýan düýşleri görýärin» diýip, Gerwig belledi. Şeýle-de bolsa, ol täze taslamanyň adyny we onuň detallaryny aýan etmedi. Bu film «Narniýanyň ýyl ýazgylary» bolup biler.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....