Jokowiç sekizinji gezek möwsümi dünýäniň birinji raketkasy hökmünde tamamlar

  • 14.11.2023 15:19
  • 4.3k+

Professional Tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) Jemleýji ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynda serbiýaly Nowak Jokowiç daniýaly Holger Runeni utdy. Ýaryş Italiýanyň Turin şäherinde geçirildi.

Duşuşyk Jokowiçiň peýdasyna 7:6 (7:4), 6:7 (1:7), 6:3 hasabynda tamamlandy. Günüň başga bir oýnunda italiýaly Ýannik Sinner gresiýaly Stefanos Sisipasy utdy (6:4, 6:4).
Ýeňşiň netijesinde Jokowiç özüne möwsümiň jemi boýunça dünýä reýtinginiň birinji belgisi adyny kepillendirdi. Serbiýaly tennisçi sekizinji gezek ýyly dünýäniň birinji raketkasy hökmünde tamamlar, oňa bu görkeziji boýunça rekord degişlidir.
Jokowiç 36 ýaşynda, onuň hasabynda ATP-niň 97 tituly, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 24 ýeňiş bar.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....