Huawei Android programmalaryny ulanmagyny bes eder

  • 14.11.2023 12:36
  • 6.9k+

Hytaýyň Huawei IT ägirdi Android programmalaryny goldamajak öz mobil operasiýa ulgamy bolan HarmonyOS Next-iň täze wersiýasyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu barada IT-Home neşiri habar berdi.

Android programmalaryny doly öçürmek üçin Huawei ulanyjylara deňeşdirip boljak alternatiw mazmuny hödürlemeli. Ony döretmek üçin wendor NetEase, Meituan, ByteDance, DingTalk we başgalar ýaly Hytaýyň beýleki IT kompaniýalaryny işjeň özüne çekýär.
IT-Home-iň berýän maglumatlaryna görä, sanalan guramalaryň hemmesi täze Huawei OS üçin programma üpjünçiligini işläp düzmäge ukyply programmaçylary tapmak üçin eýýäm boş iş ýerlerini açdylar. Dalaşgärlere ortaça bazar derejesinden ýokary aýlyk hödürlenýär.
Käbir kompaniýalar HarmonyOS Next -yň satuwyna eýýäm taýynlyk gördüler. Mysal üçin, Tongcheng Travel kompaniýasy öz amaly programmasynyň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli täze OS üçin ýerli goldaw aljakdygyny mälim etdi. HarmonyOS Next üçin Tongcheng Trave wersiýasy bar bolan funksiýalaryň doly toplumyny alar. Ýagny, onda howa we otly peteklerini satyn almak, gezelençleri saýlamak we myhmanhanalary bron etmek mümkin bolar.


16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...