2024-nji ýylyň Apple planşetleri barada jikme-jik maglumatlar peýda boldy

  • 14.11.2023 08:12
  • 4.4k+

2024-nji ýylda Apple ähli iPad seriýalaryny täzelär, emma hut Air modeli kompaniýanyň ileri tutýan enjamy bolar. MacRumors neşiri, TF International Securities kompaniýasynyň belli insaýderi we seljerijisi Ming-Çi Kuo salgylanyp, bu barada habar berýär.

Kuonyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Apple -iň esasy planşeti 12,9 dýuým ekranly täze iPad Air bolar. Täze Air-nyň ekrany IPS tehnologiýasy arkaly ýasalmagyny dowam etdirse-de, iPad Pro-nyňky ýaly oksidli birleşdiriji paneli bolar. Bu häzirki 10,9 dýuýmlyk iPad Air-nyňka garanda has gowy displeý öndürijiligini üpjün eder.
Täze iPad Air -den soň, Apple kompaniýasy 11 we 13 dýuýmlyk täzelenen iPad Pro -ny hödürlär. Olar taze korpus dizaýnyny, OLED matrisany we M3 çip-i alarlar. Soňkusy 2023-nji ýylda Mac kompýuterlerinde peýda boldy.
Kuo-da iPad mini we esasy iPad hakda iň az maglumat bar. Insaýder diňe 11-nji nesil iPad -yň çykarylmagynyň 9-njy nesil iPad -yň satuwynyň we önümçiliginiň bes edilmegine sebäp boljakdygyny bilýär.
Apple -iň 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda täze iPad Air-ny, ikinji ýarymynda iPad Pro -ny hödürlemegine garaşylýar. iPad mini -niň we 11-nji nesil iPad -yň satuwy barada maglumat ýok.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...