Ilon Mask barada film surata düşüriler

  • 12.11.2023 16:09
  • 10k+

Režissýor Darren Aronofski milliarder Ilon Mask barada biografik film surata düşürer. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, rbc.ru habar berýär.

Ssenariýa işewüriň žurnalist Uolter Aýzekson tarapyndan ýazylan terjimehalyna esaslanar. Kitap şu ýylyň sentýabr aýynda çykaryldy. Neşiriň maglumatlaryna görä, ony ekranlaşdyrmaga hukuk gazanmak üçin birnäçe studiýa we kinematografçy dalaş etdi. Netijede, önümçilik bilen garaşsyz A24 kinokompaniýasy meşgullanar.
2015-nji ýylda “Stiw Jobs” biografik dramasynyň premýerasy boldy. Bu film hem Aýzeksonyň kitaplarynyň biriniň esasynda surata düşürildi. Apple korporasiýasynyň egindeş esaslandyryjysynyň keşbini Maýkl Fassbender janlandyrdy.
Aronofski baş keşpde Brendan Freýzerli “Kit” (“The Whale”), Natali Portmanly “Gara guw” (“Black Swan”), Jennifer Lourensli “Eje!” (“Mother!”) ýaly filmleriň režissýorydyr.


01.04.2026 15:29
865

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...