Samsung soňky dört ýylda ilkinji gezek täze Galaxy Fit bilezigini çykarar

  • 11.11.2023 15:38
  • 5.4k+

Samsung kompaniýasy soňky dört ýylda Galaxy Fit hatarynyň ilkinji täzelenmesi boljak täze Galaxy Fit 3 fitnes bilezigini çykarar. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Galaxy Fit 2 çykarylandan soň, täze Galaxy Fit 3 dizaýn we funksionallyk taýdan uly ösüşi görkezer diýip, ferra.ru habar berýär.

Täze önüm kämilleşdirilen ulanyjy tejribesini wada berýär. Häzirlikçe onuň tehniki aýratynlyklary belli bolmasa-da, gurluşyň uly AMOLED displeýi, ýürek ritminiň datçigi, akselerometr, uky gözegçiligi funksiýasy we türgenleşikleri awtomatik anyklaýyş bilen üpjün edilmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, maglumatlary saklamak üçin içerki ýadyň we telefona birikdirmezden aýdym aýtdyrmak mümkinçiliginiň bolmagyna garaşylýar. Fit 2-niň meşhur funksiýalarynyň biri ulanyjylara şähdiňe ýa-da egin-eşigiňe görä reňk saýlamaga mümkinçilik berýän kemeri çalyşmak mümkinçiligidi. Bir göräýmäge, Fit 3-üň kemeri çalyşmak üçin mehanizmi ýok, bu bolsa ulanyjylar üçin reňk saýlawlaryny çäklendirip biler.
Galaxy Fit 3-üň iş dowamlylygy hem sorag bolup galýar, ýöne 2020-nji ýyldan bäri batareýa tehnologiýasyndaky kämilleşdirmeleri göz öňünde tutsaň, täze bilezigiň bir zarýad bilen deňräk ýa-da has uzak işlemegine garaşyp bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...