Aydym.com «Turkmentel — 2023» halkara sergisinde hyzmatlaryny tanyşdyrdy

  • 11.11.2023 12:25
  • 12k+

Türkmenistanda meşhur aýdym portaly bolan Aydym.com 9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen «Turkmentel — 2023» halkara sergisine gatnaşdy.

Dünýä belli kompaniýalaryň, halkara guramalaryň wekillerini, dürli ugurdan hünärmenleri ýygnan bu çärede portal gatnaşyjylary ýaş aýdymçylaryň özlerini köpçülige tanatmagy üçin, şeýle-de ussat aýdymçylaryň aýdymlaryny köpçülige ilkinji bolup ýetirmek boýunça hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Portal ulanyjylara diňe bir ýurdumyzyň aýdymçylarynyň däl, eýsem daşary ýurt aýdymçylarynyň dürli žanrlardaky aýdymlaryny diňlemek, şekilli aýdymlara tomaşa etmek hem-de täsin, gyzykly maglumatlary saklaýan wideolary görmek mümkinçiligini hem berýär.
Şeýle-de, serginiň dowamynda gyzyklanma bildirenleriň ählisine portal tarapyndan 3 aýlyk premium kartlary sowgat berildi. Bu kartyň kömegi bilen ulanyjylar Aydym.com ykjam goşundysynda premium hasaby açyp, çäksiz mukdarda aýdym ýükläp, internetsiz diňläp hem şekilli aýdymlara tomaşa edip bilerler.


Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda portalyň işjeň ulanyjylarynyň sany 700 müňe ýetýär. Onda aýda 55 mln aýdym diňlenýär, 3 mln wideo görülýär. Portalda 1000-den gowrak aýdymçy, 50 müň aýdym hem-de 8 müňden gowrak wideo material bar. Bu sanlar portalyň ulanyjylaryň arasyndaky meşhurlygynyň gün-günden artýandygyny görkezýär.

Aydym.com-yň mobil görnüşini Google Play-dan: Play Market we App Store-den: App Store salgylardan ýükläp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
moderteam@aydym.com
Web saýty: aydym.com
IMO/Telegram: +99363 330799

Şeýle hem okap bilersiňiz:

şu gün 18:39
1.2k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
5.9k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....