Aydym.com: diňläň, lezzet alyň!

  • 03.07.2021 21:26
  • 49k+

TmCars.info aýdym diňlemegiň ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaldýandygy barada öň habar beripdi. Aýdym diňlemegiň täsirli aýratynlyklary barada dünýä alymlary köp sanly barlaglary geçirdiler. Bu barlaglar geljekde hem dowam eder. Emma gündelik durmuşymyzda — maşynda ýa-da awtobusda barýarkaň, öý işlerine gümra bolýarkaň ýa-da ýadap gelip, asuda dynç almak isläniňde aýdym diňlemeýän adam az bolsa gerek.

Bu günki gün aýdymçylardyr aýdymlaryň sany barha artýar. Internetiň ösmegi bolsa, diňleýjileriň dürli žanrlarda, dürli bagşylaryň aýdymlaryny diňlemegine giň mümkinçilikleri açýar. TmCars.info türkmenistanly diňleýjileriň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýan aýdym saýt — aydym.com barada habar berýär.

  • 400-den gowrak AÝDYMÇY

Aydym.com-yň sanawynda aýdymçylaryň sany gün-günden artýar. Saýtda diňleýjileriň arasynda giň meşhurlykdan peýdalanýan bagşylaryň aýdymlary hödürlenilýär. Galyberse-de, saýt aýdym älemine täze goşulan aýdymçylaryň öz aýdymlaryny köpçülige hödürlemegine hem oňat mümkinçilik berýär.

  • 10 müňden gowrak AÝDYM

Elbetde, bu aňry çäk däl. Aýdymlaryň sany günde täzeleri bilen ýetirilip durulýar. Saýtyň işgärleri diňleýjileriň göwnünden turmak üçin aýdymlaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda zähmet çekýärler.

  • Iň täze aýdymlary ilki bolup diňläp bolýar

Aydym.com ýurdumyzyň meşhur bagşylary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Netijede, bagşylaryň çykaran täze aýdymlaryny ilki bilen aydym.com-da diňläp bilersiňiz.

  • 100 müň+ ULANYJY

Ulanyjy sany 100 müňden geçen bu saýt oňaýlylygy, tematiki düzülişi bilen köpleri özüne çekýär.

  • Pleýlistler

Köne aýdymlaryň täze owazlaryny, halk aýdymlaryny, 1970-80-nji ýyllaryň aýdymlaryny, toý howasyny özünde jemleýän pleýlistler hiç bir diňleýjini hem parhsyz goýmaz.

Aydym.com saýtynyň başga-da artykmaçlyklary köp:

  • 24/7 sagat elýeterli
  • saýtyň özünde aýdymy ýokary hilde diňläp bolýar
  • ulanmak üçin amatly
  • halan aýdymlaryňdan öz pleýlistiňi döredip bolýar
  • internet ulgamyna çatylmak arkaly aýdymlary mugt diňläp bolýar
  • aýdymlary saýtdan mugt ýükläp alyp bolýar
  • Aydym.com-yň mobil görnüşini Android smartfonlarynda ýükläp alyp bolýar
  • Öz aýdymlaryňyzy saýta hödürläp bolýar

Aydym.com-yň mobil görnüşini Play Market-den hem-de saýtdan ýükläp alyp bilersiňiz.
Saýta aýdymlaryňyzy hödürlemek üçin şu salgy bilen habarlaşyp bilersiňiz moderteam@aydym.com

düýn 16:26
2.7k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
5.9k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
4.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.4k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....