Aydym.com-yň «Premium» hyzmatyny birikdirip, hemişe aýdymda boluň!

  • 07.02.2022 15:21
  • 42k+

Aýdym diňlemegiň muşdaklarynyň ýörgünli portaly bolan Aydym.com täze hyzmatlary bilen ulanyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmagyny dowam edýär. Ulanyjysy 300 müňden geçen aýdym-saz portalynyň bu gezekki täzeligi — «PREMIUM» hyzmaty.

Indiden beýläk, Premium hyzmaty birikdirip, ulanyjylar islendik saýlan aýdymlaryny, pleý-listlerini we albomlary INTERNETSIZ, ýagny oflaýn görnüşde diňläp bilerler. Munuň üçin mobil programmanyň «Telefona geçir» funksiýasyndan peýdalanmaly. Ýüklenen aýdymlar, Pleý-listler, albomlar we klipler Baş sahypadaky «Telefondaky aýdymlar» bölümine düşýär. Emma Premium hyzmatynyň aýratynlyklary diňe munuň bilen çäklenmeýär.

Premium hyzmatyny birikdirip, şu artykmaçlyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

  • Hepdelik täzelenip durýan daşary ýurt aýdymlary (Top Bilboard (iňlisçe aýdymlar), TOP Türk, TOP Rus , TOP Arap, TOP Özbek, TOP Hindi aýdymlary);

  • iň täze çykan şekilli aýdymlary «Telefona geçir» funksiýasy arkaly oflaýn (internetsiz) görüp bolýar;

  • Saýlan aýdymlaryňy «Halanlarym-a» goşup, «Playlistler» döredip bolýar;

 

PREMIUM hyzmaty nädip birikdirmeli?

Hyzmaty birikdirmek üçin Aydym.com mobil programmadan «Premium» belgijigine basmaly. Ondan soňra özüňe gerekli tarifi saýlamaly.

Birinji gezek ulanyjylar bu hyzmatdan 1 AÝLAP MUGT peýdalanyp bilerler. Soňra hyzmatdan peýdalanmagy dowam etmek üçin «Altyn asyr» bank kartlary arkaly onlaýn töleg etmeli. Häzirki wagtda Premium hyzmaty üçin uly arzanladyş hereket edýär.

Hyzmatyň 3 aýlygynyň bahasy – 30 manat;
6 aýlyk – 49 manat
12 aýlyk – 89 manat.

Hyzmat birikdirilen ýagdaýynda «Premium» belgijigi ýaşyl bolup durýar.

Aydym.com-yň mobil görnüşini Google Play-danAydym Play Market we App Store-denAydym App Store salgylardan ýükläp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: moderteam@aydym.com   
Web saýty: aydym.com
IMO/Telegram: +99363 330799

düýn 18:39
1.6k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
5.9k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....