Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisini çalyşdy

  • 10.11.2023 22:53
  • 20k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Batyr Nyýazlyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, şeýle hem Sloweniýa Respublikasyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatdy. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ilçisi wezipesine Esen Aýdogdyýewi belläp, ony Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.
Esen Aýdogdyýew mundan ozal, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky we Şweýsariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinde işledi.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda hemişelik wekili boldy.
Esen Aýdogdyýew 2014-nji ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilipdi.


düýn 17:19
1.5k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...

düýn 16:23
814

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy...

15.03.2026 09:38
7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

14.03.2026 10:01
1k+

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...