Apple iPhone-daky we sagatlardaky näsazlyklary programma üpjünçiliginiň täzelenmesi bilen düzetdi

  • 10.11.2023 17:36
  • 5.2k+

Apple iPhone, Apple Watch we Mac kompýuterleri üçin programma üpjünçiliginiň täze wersiýalaryny çykardy. Olarda ulanyjylar tarapyndan nägilelik bildirilen näsazlyklar düzedildi diýip, GSMARena portaly habar berýär.

iOS 17.1.1-e girizilen düzedişleriň arasynda käbir iPhone 15-de awtomobillerde simsiz zarýad beriş ulanylandan soň Apple Pay we beýleki funksiýalara jogapkär NFC modulynyň işlemezligine getiren näsazlyklaryň düzedilmegi bar.
Apple Watch üçin kompaniýa watchOS 10.1.1 çykardy we onda sagatlaryň käbir modellerindäki akkumulýatoryň has köp sarp edilişi bilen bagly näsazlyk düzedildi. Öň, ulanyjylar gurluşlarynyň akkumulýatorlarynyň zarýadynyň bary-ýogy birnäçe sagatda gutarýandygyna nägilelik bildiripdiler.
Şeýle-de, Apple kompýuterlerinde macOS 14.1.1 täzelenmesi elýeterli boldy. Täze programma üpjünçiliginde M3 çipli täze MacBook Pro noutbuklaryna iň soňky macOS Sonoma wersiýasyna çenli täzelenmäge ýol bermeýän näsazlyk aradan aýryldy.
Apple ähli ulanyjylara durnukly we ygtybarly işi üpjün etmek üçin programma üpjünçiliginiň täze wersiýalaryny gurnamagy maslahat berýär.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...