Marvel «Kapitan Marvel 2-niň» ahyrky treýlerini çykardy

  • 10.11.2023 08:34
  • 3.9k+

Marvel kinostudiýasy ilkinji gezek 10-njy noýabrda görkeziljek täze “Kapitan Marvel 2” kinokomiksinden öň iň soňky treýlerini çykardy. Wideonyň ilkinji kadrlarynda Robert Dauni-kiçiniň Demir adamy we Kris Ewansyň Kapitan Amerikasy peýda bolýar. Nik Fýuriniň (onuň keşbini Samuel L. Jekson ýerine ýetirýär) kadryň aňyrsyndan gelýän sesinde: "Gahrymanlar – bu köne düşünje, emma dünýä olary henizem ulanyp biler" diýilýär. Iki minutlyk wideo Marvel Entertainment-iň YouTube kanalynda çap edildi.

Bu Marvel kinematografiýa äleminiň 5-nji tapgyrynyň nobatdaky bölümi, ol şu ýylyň başynda “Garynja-adam we Ary: Kwantomaniýa” bilen başlanyp, “Gallaktikanyň sakçylary. 3-nji bölüm” bilen dowam etdi. “Kapitan Marvel 2” filminde baş keşbi öň “Kapitan Marvel” filminde oýnan aktrisa Bri Larson ýerine ýetirdi we Samuel L. Jekson bolsa (“Kapitan Marwel”, “Şaft”, “Aýna”) Nik Fýuriniň keşbine gaýdyp geldi.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......