GTA 6-da emeli aň tehnologiýalary peýda bolar

  • 10.11.2023 08:26
  • 5.9k+

2022-nji ýylda GTA 6-nyň syzdyrylan wersiýasynyň faýllarynda oýundaky (NPC) ownuk gahrymanlaryň emeli aňynyň (AI) GTA 5-den has gowy boljakdygy baradaky maglumat anyklandy. Muny Tobbelobben lakamly Reddit forumyndan data-maýneriň tapyndylaryna salgylanýan Wccftech neşiri habar berýär.

Tobbelobben syzdyrylan GTA 6 faýlynda AI-niň düzediş menýusyny tapdy. Oýundaky NPC-leriň ProceduralMotion, EmotionalLocoRequests, Expressions we Gesture ýaly parametrleriniň boljakdygy belli boldy. Ýagny, ikinji derejeli gahrymanlar oýunçynyň döreden dürli ýagdaýlaryna hakyky wagtda reaksiýa görkezip bilerler. Reaksiýa diňe hereketlerde däl, ýüz keşbinde we duýgularynda hem ýüze çykar. Mundan başga-da, NPC-ler oýunçyny we onuň hereketlerini ýadynda saklar, bu bolsa täzeden ýüzbe-ýüz bolanda başgaça reaksiýa bermäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem, GTA 6-daky oýun materiallarynda haýwanlaryň üýtgeşik häsiýetleriniň bardygynyň subutnamasy tapyldy, olaryň hereketleri has akylly we hakyky ýaly bolar. Oýunda, Rockstar Games-iň beýleki oýunlaryna garanyňda, tebigatyň duýulyş derejesi has çuňňur bolar diýlip garaşylýar.
Şeýle hem GTA 6-daky NPC-leriň toparlara bölünjekdigi mälim boldy. Mundan başga-da, bu bölünişik dinamiki bolar we oýunçynyň hereketlerine bagly bolar.
GTA 6-nyň 2025-nji ýylda çykmagyna garaşylýar.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......