Apple 2024-nji ýylda dört sany iPad modelini çykarar

  • 08.11.2023 10:45
  • 3.3k+

Apple 2024-nji ýylda bar bolan iPad planşetlerini täzelemegi maksat edinýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman Power On habar býulleteninde aýtdy.

Apple 2023-nji ýylda iPad-iň ýekeje modelini hem çykarmady we onuň bu bölümdäki girdejisi üçünji çärýekde 10 göterim pese gaçdy.
Apple 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda täze M3 çipleri esasynda 11 we 13 dýuýmlyk OLED ekranly iPad Pro-ny hödürlemek arkaly ýagdaýy düzetmekçi bolýar. Şeýle hem, kompaniýa iPad mini, Air we esasy model ýaly beýleki planşetleri ýylyň dowamynda täzelär.
iPad-iň iň soňky çykarylyşy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda, M2 çipleri bilen iPad-iň 10-njy nesli we iPad Pro hödürlenende bolup geçdi.
Mundan başga-da, Apple 2024-nji ýylda MacBook Air, Mac mini, esasy AirPods gulaklyklaryny we başgalary täzelär. Şol bir wagtyň özünde täzelenen meşhur AirPods Pro 2025-nji ýyldan bärde çykmaz.
Apple planşet bazarynda öňdebaryjydyr. IDC-niň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde iPad -iň bazardaky paýy 35,2 göterim, Samsung-yňky 23,1 göterim, Huawei-iňki bolsa 6,6 göterim boldy.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...