Galaxy S24 Ultra Samsung-yň titan çarçuwaly ilkinji smartfony bolar

  • 07.11.2023 17:56
  • 12k+

Şu ýyl Apple 15 Pro-nyň çykmagy bilen, Apple smartfon bazarynda titan çarçuwasyny ulanyp, täze bir trend görkezene meňzeýär. Xiaomi oňa eýýäm Xiaomi 14 Pro Titanium Special Edition ýörite wersiýasy bilen goşuldy we ýakyn wagtda Samsung hem olaryň hatarynyň üstüni ýetirer.

Günorta Koreýanyň The Elec neşiri ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň kompaniýanyň ilkinji titan çarçuwaly smartfony boljakdygyny habar berdi.
Megerem, titan gyraňy setirdäki modelleriň hemmesi almasa gerek, diňe ýokary derejeli Galaxy S24 Ultra alar, sebäbi öndüriji başlangyç tapgyrda 15 million titan çarçuwany öndürmek üçin deslapky maksady goýupdy. Bu san bolsa Galaxy S23 Ultra-nyň satuwyna gabat gelýär.
Samsung-yň takmynan 2 ýyl mundan ozal öz smartfonlaryna titany girizmegiň üstünde işläp başlandygy, ýöne gutarnykly kararyň diňe şu wagt kabul edilendigi habar berildi.
Meşhur Galaxy S24 seriýasynyň 17-nji ýanwarda çykjakdygy barada gürrüňler bar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...