Eplenýän Honor flagmany ulanyjylaryň pikiriçe iň gowy görülýän Android smartfony boldy

  • 07.11.2023 09:16
  • 10k+

AnTuTu bençmarkynyň soňky maglumatlaryna görä, Honor-yň eplenýän flagmany Magic V2 iň gowy görülýän Android smartfonlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada ferra.ru habar berýär.

2023-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda geçirilen pikir soraşma görä, çeýe ekranly bu gajet ulanyjylardan 96,15% oňyn ses aldy. Onuň yzyndan 95,78% ses bilen Samsung Galaxy S23 Ultra gelýär. Üçünji orny 95,45% oňyn ses bilen ýene bir çeýe ekranly smartfon Xiaomi MIX Fold 3 saklaýar.
Şeýle netijeler diňe bir sarp edijileriň arasynda çeýe ekranlaryň meşhurlygynyň artýandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem Samsung we Xiaomi ýaly tehnologiýa ägirtlerinden öňe geçmegi başaran Honor-yň önümleriniň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär.
Bu Honor Magic V2 sarp edijiler üçin çeýelik we innowasiýa esasy saýlama faktoryna öwrülýän smartfon dizaýnynda täze döwürden habar berip biler.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......