Täze Toyota Camry-niň tanyşdyryljak senesi belli boldy

  • 06.11.2023 21:41
  • 18k+

Ýakynda Toyota täze «Camry» sedanynyň ilkinji tizerini çap etdi we şu gün, garaşylmadyk ýagdaýda, köpleriň garaşýan täze önüminiň ilkinji görkeziljek senesi belli boldy: Camry-niň täze nesliniň ilkinji tanyşdyrylyşy, garaşylyşy ýaly, ABŞ-da däl-de, Hytaýda, özi hem — 17-nji noýabrda başlanjak Guançžou awtoulag sergisinde bolar.

Sedanyň ýene 10 günden hödürlenjekdigine garamazdan, 2024-nji ýylda satuwa çykarylar, ýöne şondan soň Toyota haýal-ýagallyk etmez: satuw ýylyň başynda, birinji çärýekde başlar. Hereketlendirijiler barada gyzykly maglumatlar: Camry-niň täze nesliniň adaty benzin hereketlendirijisi ýok - diňe gibridleri we birikdirilýän gibridleri boljak tapgyrda ilkinji sedan bolup biljekdigi habar berildi.
Şu wagt Hytaýda Camry-niň häzirki nesliniň bahasy 24,5 müň dollardan 37 müň dollara çenli üýtgeýär. Täze modeliň öňküsinden has gowy we tehnologiki taýdan ösen bolar.


09.06.2026 15:11
3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....