Serdar Azmun «Romada» ilkinji goluny geçirdi

  • 06.11.2023 20:17
  • 14k+

5-nji noýabrda Italiýanyň Seriýa A ligasynyň 11-nji tapgyrynyň Rimiň “Romasy” bilen “Leççeniň” arasyndaky oýny tamamlandy. Toparlar Italiýanyň Rim şäherindäki “Olimpiko” stadionynda oýnadylar. Duşuşyk rimlileriň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy diýip, championat.com habar berýär.

Türkmen gelip çykyşly eýranly hüjümçi Serdar Azmun oýunda öz topary üçin birinji goly geçirip, hasaby deňledi. Hüjümçi Rim toparynyň düzüminde ilkinji gezek gol bilen tapawutlandy.
Ýatlap geçsek, Serdar Azmun Peterburgyň “Zenitiniň”, “Rostowyň” we Kazanyň “Rubininiň” öňki futbolçysydyr. Bu klublar üçin 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda çykyş etdi. Ol “Zenitiň” düzüminde dört gezek Russiýanyň çempiony, iki gezek Russiýanyň Super Kubogynyň eýesi we Russiýanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy.
Lewerkuzeniň “Baýeriniň” oýunçysy bolan Azmun “Romada” kärendesine çykyş edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň, takmynan, bahasy 12 mln ýewro.


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....