Jokowiç karýerasyndaky 40-njy «Matersini» gazandy

  • 06.11.2023 15:00
  • 3k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Parižde geçirilen «Masters» tapgyry ýaryşynyň soňky oýnunda bolgar Grigor Dimitrowy ýeňdi, onuň baýrak gaznasy 5,7 million ýewrodan geçýär.

Duşuşyk ýaryşda birinji orny eýelän Jokowiçiň peýdasyna 6:4, 6:3 hasabynda tamamlandy. Duşuşyk 1 sagat 38 minut dowam etdi. Tennis oýunçylary 13-nji gezek duşuşdylar, hasap 12-1 serbiýaly türgeniň peýdasyna boldy.
Jokowiç möwsümiň altynjy titulyny we Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýekelikdäki razrýaddaky ýaryşlarynda karýerasynyň 97-nji titulyny aldy. 36 ýaşly Jokowiç 40-njy «Masters» ýaryşynda-da ýeňiji bolup, öz rekordyny täzeledi. Bu görkeziji boýunça ikinji ýerde ispaniýaly Rafael Nadal (36) durýar.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....