Xiaomi 16/256 GB modifikasiýasynda Redmi Note 12 Turbo-ny hödürledi

  • 06.11.2023 09:53
  • 13k+

Xiaomi Redmi Note 12 Turbo smartfonynyň başga bir konfigurasiýasyny yglan etdi. Indi 256 GB ammar bilen jübütlenen 16 Gb RAM hödürleýär.

Täze modifikasiýada Redmi Note 12 Turbo-nyň bahasy bary-ýogy 230 dollar. Deňeşdirip görsek, ýazda smartfon 275 dollara satyldy. Mundan başga-da, esasy wersiýa RAM-yň ýarysyny aldy.
Redmi Note 12 Turbo  64 MP + 8 MP + 2 MP durulykda esasy kamera we 16 MP öň kamerasy bilen enjamlaşdyrylan. AMOLED displeýi 120Hz täzelenme tizligini we Dolby Vision-y goldaýar.
Batareýanyň kuwwaty 5000 mAh, çalt zarýad beriş güýji 67 Wt. Redmi Note 12 Turbo Snapdragon 7+ Gen 2 ykjam prosessor bilen üpjün edilýär we dünýäde iň güýçli orta aralyk smartfonlaryndan biridir.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...