Insaýder: GTA VI-nyň tanyşdyrylyşy noýabryň ahyrynda ýa-da dekabryň başynda bolup biler

  • 06.11.2023 09:51
  • 7.7k+

Rockstar Games taslamalaryna ýöriteleşen Tez2 insaýderi GTA VI-nyň resmi tanyşdyryljak dabarasynyň haçan boljakdygyny aýtdy.

Insaýder GTA VI-nyň ilkinji treýleriniň ýakyn wagtda: noýabr aýynyň ahyrynda ýa-da dekabr aýynyň başynda görkeziljekdigini belledi.
Köp garaşylan oýny görkezmegiň iň amatly wagtynyň 7-nji dekabrdygyny çaklap bileris, şol gün The Game Awards 2023 atly uly şüweleň geçer.
Mundan başga-da, şol günler Rockstar Games 25 ýyllygyny bellär we GTA VI-nyň ilkinji kadrlaryny görkezmek üçin mundan has şowly pursady göz öňüne getirmek kyn - bu seriýanyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat bolardy.
Eger GTA VI agzalan möhletde görkezilmese, Tez2 indiki möhletiň 2024-nji ýylyň fewraly boljakdygyna ynanýar.
GTA VI-nyň goýberilişi barada aýdylanda bolsa, insaýder Rockstar Games-iň birnäçe döredijisiniň 2025-nji ýylyň ýazynda oýnuň goýberilmegine bil baglaýandyklaryny bildi, bu Take-Two Interactive neşirýatynyň maliýe hasabaty bilen gytaklaýyn tassyklanýar.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......