Neýmar operasiýa geçirdi we hassahanada düşen suratyny paýlaşdy

  • 04.11.2023 17:13
  • 28k+

«Al-Hilalyň» braziliýaly hüjümçisi Neýmara operasiýa edildi.

"Hemme zat gowy geçdi. Maňa ýazanlaryňyz üçin sag boluň. Indi saglygymy dikelmäge ünsi jemlärin "- diýip, Neýmar, hassahanada düşen suratyny berkidip, hat ýazdy.

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň Urugwaý bilen  bolan saýlama oýnunda (0:2) Neýmaryň şikes alandygyny ýatladýarys.
Öň, Neýmaryň sagalmagy üçin on aý töweregi wagt gerek boljakdygy habar berlipdi. Şeýlelikde, braziliýaly hüjümçiniň bu möwsümde oýun meýdançasyna çykmazlygy gaty ähtimal.
Neýmar tomusky transfer penjiresinde “Al-Hilala” geçipdi. Hüjümçiniň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli baglaşylan. Braziliýaly futbolçy bu möwsümde Saud Arabystanynyň çempionatynyň üç oýnuna gatnaşyp, iki sany netijeli pasy bilen bellendi.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....