Samsung Galaxy S24-iň tanyşdyryljak senesi belli boldy

  • 04.11.2023 15:13
  • 13k+

Samsung kompaniýasynyň täze Galaxy S24 flagmanlarynyň birnäçesini görkezjek Galaxy Unpacked çäresi 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda bolar. Bu barada GSMArena Günorta Koreýanyň Biz SBS metbugatynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

GSMArena bu maglumatlaryň Ice Universe-iň başga bir insaýderiniň ýakynda beren beýanaty bilen gabat gelýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, bu çäre 18-nji ýanwarda bolar. Žurnalistleriň pikiriçe, bu çeşmeleriň ikisiniň maglumaty hem dogrudyr we sanlarda tapawudyň bolmagy ABŞ-da we Günorta Koreýada wagt tapawudy sebäpli bolup biler.
Maglumatlara görä, Galaxy S24 smartfonlary daş görnüşi boýunça öňkülerinden az tapawut eder. Samsung-yň iPhone 15 Pro we Pro Max ýaly täze önümleriniň korpusynyň titandan bolmagy gaty ähtimal. Şol bir wagtyň özünde, internet torunda Galaxy S24 Ultra modeliniň tegelek burçlary bolmazdan, tekiz ekrany aljakdygy barada maglumatlar peýda boldy.
Galaxy S24-iň hataryndaky ähli modellerde iň soňky Qualcomm Snapdragon 8 Gen3 prosessorynyň boljagy anyk diýen ýaly. Häzirki wagtda diňe Xiaomi 14 bilen 14 Pro smartfonlary bu çip bilen öwnüp biler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...