YouTube kämillik ýaşyna ýetmediklere dynç almagy has ýygy-ýygydan ýatladyp durar

  • 04.11.2023 15:15
  • 5k+

YouTube wideo platformasynyň hünärmenler topary kiçi ýaşly ulanyjylar üçin özüniň “Take a Break” (Arakesme al) aýratynlyklarynyň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ol köp babatda iPhone-yň wagt çäklendirmeleri aýratynlygy ýaly işleýär, üstesine-de ulanyjylar üçin birnäçe goşmaça sazlamalary hödürleýär.

Bu aýratynlyk mundan birnäçe ýyl ozal çykypdy. YouTube-yň "Arakesme al" ýatlatmasy indi her 60 minutdan adaty ýagdaýda peýda bolar.
Olar 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin gysga we uzyn wideolar görlende doly ekran režiminde peýda bolar. Şol bir wagtyň özünde, maşgala agzalary sazlamalary üýtgedip biler.
YouTube toparynyň düşündirmegine görä, 13-17 ýaş aralygyndaky tomaşaçylar üçin dynç almak baradaky ýatlatmalar adaty ýagdaýda açylýar hem-de 18 ýaş we ondan uly ulanyjylar üçin olar öçürilýär. Bu parametri sazlamalarda islän wagtyňyz üýtgedip bilersiňiz.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......