Xiaomi 14 dünýäde iň kuwwatly Android smartfony boldy

  • 04.11.2023 15:20
  • 10k+

Täze flagman Xiaomi 14 2023-nji ýylyň oktýabr aýy üçin AnTuTu bençmarkynyň iň kuwwatly smartfonlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada Sparrow News neşirine salgylanyp, Report agentligi habar berýär.

Ilkinji iki setiri 1 997 427 bal we 1 985 014 bal bilen Xiaomi 14 (Snapdragon 8 Gen3 16 GB + 512 GB) we Xiaomi 14 Pro (Snapdragon 8 Gen3 16 GB + 512 GB) eýeledi. Liderleriň üçlügini 1 663 507 bal bilen OnePlus Ace 2 Pro (Snapdragon 8 Gen2 24 GB + 1 TB) jemledi.
Soňra iQOO 11S (1 650 842 bal), iQOO 11 Pro (1 633 169 bal), Vivo X90 Pro+ (1 624 675 bal), Realme GT5 240W (1 621 188 bal) hem-de Oppo Find X6 Pro (1 591 832 bal) gelýär.
Neşir Xiaomi flagmanlarynyň iň ýakyn bäsdeşlerden uly tapawut bilen öňde barýandygyna ünsi çekýär. Bellenilişi ýaly, Xiaomi 14 bilen Xiaomi 14 Pro, takmynan, 300 müň bal aratapawudy häzirki wagtda iň täze Qualcomm prosessorlaryna eýe bolan ýeke-täk smartfon bolandyklary üçin aldylar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...