Samsung özünde döredijilikli emeli aňy bolan smartfony hödürlär

  • 04.11.2023 15:18
  • 5.4k+

Ýakynda Samsung Electronics 2023-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginiň netijelerini yglan etdi. Indi bolsa çärýekleýin hasabata bagyşlanan konferensiýada kompaniýanyň smartfonlarda döredijilikli emeli aňy ulanmak babatyndaky meýilnamalaryny aýan edendigi mälim boldy. Samsung indi açar sözlere esaslanyp mazmun döredip biljek döredijilikli AI-niň öz wersiýasyny ösdürýändigini aýdýar.

Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň işläp taýýarlamasynyň aýratynlygy — bu AI-ni ulanmak üçin internete birikmegiň zerurlygynyň ýok bolmagydyr. Ýagny, ulanyjy internete girmezden, ýönekeý buýruklary ulanyp, dürli hyzmatlara girip biler. Kompaniýa geljek ýyl şeýle tehnologiýany öz smartfonlaryna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýa haýsy smartfonyň Samsung-dan “ýerli” döredilen AI aljakdygyny resmi taýdan yglan etmedi. Şeýle-de bolsa, insaýderleriň köpüsi täze tehnologiýanyň geljek ýylyň başynda çykjak meşhur Samsung Galaxy S24 smartfonynda elýeterli boljakdygyny öňe sürýärler. Belki-de, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda çykarylmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z6 hataryň eplenýän smartfonlaryna ornaşdyrylar. Şeýlelik bilen, çeşmeler Samsung-yň indiki ýyl emeli aň ornaşdyrylan iPhone 16 -ny hödürlemegi meýilleşdirýän Apple -den öňürtmek isleýändigini aýdýarlar.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......