Dünýäde iň meşhur Android wersiýasy belli boldy

  • 03.11.2023 10:48
  • 8.1k+

Android Studio-nyň 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda çykarylan Android 13 iň meşhur wersiýa boldy. Google-yň ykjam OS-yny ulanyjylaryň 22,4%-i onuň paýyna düşdi. Bu barada GizChina neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Ikinji meşhur wersiýa Android 11 boldy – bu operasion sistemanyň paýyna ulanyjylaryň 21,6%-i düşýär. Liderleriň üçlügini 16,1% paý bilen Android 10 jemleýär. Dördünji we bäşinji orunlary, degişlilikde, 15,8% we 10,5% paý bilen Android 12 we Android 9 Pie eýeledi.
Soňra Android 8 Oreo (7,3%), Android 7 Nougat (2,6%), Android 6 Marshmallow (1,9%) we Android 5 Lollipop (1,4%) gelýär. Android Studio statistikasynda Android-iň iň köne wersiýasy 1%-den hem az paý bilen 4.4 KitKat-dyr.
Google-yň ykjam operasion sistemasynyň iň soňky wersiýasy bolan Android 14 hasabatda görkezilmeýär, sebäbi hasabat onuň relizinden ir çykdy. Android 14-üň relizi 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Google Pixel 8 seriýasynyň smartfonlarynyň anonsy bilen birlikde bolup geçdi.  

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......