Adata dünýäde ilkinji daşarky USB4 diski çykardy

  • 03.11.2023 10:48
  • 5.6k+

Adata kompaniýasy Thunderbolt 3 we 4 interfeýslerini goldaýan we USB 3.2 we USB 2.0 bilen ylalaşýan SE920 daşarky gaty maglumat ýygnaýjysyny çykardy. Öndüriji munuň maglumatlary geçirmek we maglumatlary saklamak üçin döwrebap çözgütdigini belleýär. Bu maglumat ýygnaýjy sekuntda 3800 MB çenli tizlik bilen ýokary öndürijiligi üpjün edýär diýip, ixbt.com habar berýär.

USB4 40 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligini goldaýar, ýöne maglumat geçiriş tizliginiň ýokary bolmagy gyzma sebäp bolup biler, bu hem ulanyjylar üçin kynçylyk döredip biler. SE920 daşarky maglumat ýygnaýjysy içerki mikrowentilýator bilen birlikde işjeň sowadyş ulgamy görnüşinde innowasion çözgüdi hödürleýär. Bu mehanizm wentilýatorsyz analoglar bilen deňeşdirilende, temperaturany 10% peseltmäge mümkinçilik berip, hatda ýokary agram düşmelerde-de durnukly maglumat geçirilişini üpjün edýär. SE920 ýygnalan görnüşde ýeňil we götermek üçin amatlydyr.
SSD SE920 bilen adaty USB-C interfeýsiniň kömegi bilen dürli gurluşlaryň arasynda uly multimedia faýllaryny hem aňsatlyk bilen geçirmek bolar. Bu maglumat ýygnaýjy Android, Mac OS we Windows ýaly dürli operasion sistemalar bilen ylalaşýar, şeýle-de oýun konsollaryny hem goldaýar.
Mundan başga-da, Adata SD620 we SC610 ýaly beýleki daşarky maglumat ýygnaýjylary hem hödürledi. SD620 1,22 metr belentlikden ýere gaçma we urgulara çydamlylyga hem-de sekuntda 520 MB çenli çalt maglumat geçiriş tizligine eýedir. Şol bir wagtyň özünde, SC610 ýeňil we ykjam dizaýna eýe, maglumat geçiriş tizligi bolsa sekuntda 550 MB ýetýär.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......