Apple sensor panelli MacBook-laryň satuwyny bes etdi

  • 03.11.2023 10:43
  • 2.5k+

Apple Touch Bar sensor panelli noutbuklarynyň satuwyny bes etdi.

M3 maşgalasynyň çiplerine esaslanýan MacBook Pro yglan edilenden soň, amerikan kompaniýasy öz web sahypasyny täzeledi. Portalyň žurnalistleri maglumatlary girizmegiň alternatiw usuly üçin döredilen Touch Bar-ly MacBook-laryň satuwdan ýitip gidendigine üns berdiler diýip, The Verge neşirine salgylanýan Report ýazýar.
Apple-iň Touch Bar-ly soňky noutbugy 13 dýuýmlyk MacBook Pro boldy. Apple-iň täzelenen web sahypasyna görä, Tim Kukuň korporasiýasy diňe bir duýgur paneli bolan noutbuklardan däl, eýsem, 13 dýuýmlyk kompýuterlerden hem ýüz öwürdi.
Touch Bar-ly noutbuklar ilkinji gezek 2016-njy ýylda Apple-iň hatarynda peýda boldy. Duýgur paneliň muşdaklary bar hem bolsa, Apple uzak wagtlap oňa ýapyşar ýaly, ol ýeterlik meşhur däldi" - diýip The Verge-iň awtory Jeý Piters belledi. 2021-nji ýylda täzelenen 14 we 16 dýuýmlyk MacBook Pro-ny çykarmak bilen, kompaniýa Touch Bar-dan ýüz öwürdi.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...