Türkmenistanda Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlary dörediler

  • 02.11.2023 21:13
  • 8.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi. Resminamada ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmagy has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, ylmy-barlag institutlarynyň işini döwrebap ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady.  Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam  arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......