Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi

  • 01.11.2023 23:48
  • 3.5k+

1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri  Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Döwlet Baştutany söhbetdeşligiň barşynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň düýn geçirilen duşuşygynda ÝHHG bilen köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi, bu gurama bilen hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giňeldilýär we berkidilýär, ol täze ugurlary öz gerimine alýar.  
Serdar Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistanyň daşary işler ministriniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşmagynyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, saparyň jemleriniň iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi.
Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Daşkent şäherinde öňde boljak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de onuň netijeleriniň doly derejeli döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......