Samsung Galaxy S24, Galaxy S24 Plus we Galaxy S24 Ultra önümçilige goýberildi

  • 31.10.2023 22:18
  • 17k+

Weibo-da we Twitter-de Ice Universe lakamy bilen tanalýan insaýder Samsung-yň täze flagman hataryny - Galaxy S24-i çykaryp başlandygyny habar berdi. Maglumat berijiniň sözlerine görä, ilkinji görkeziliş 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda – ýa aýyň ortasynda, ýa-da ahyryna çenli bolar.

Däp bolşy ýaly, Samsung-yň flagmanlary, köplenç, esasy bäsdeşlerinden has giç çykýar. Şeýlelik bilen, Xiaomi 14 öňňin hödürlendi, noýabryň başynda Vivo X100-iň we iQOO 12-iň ilkinji görkezilişine garaşylýar, soň bolsa - noýabr ýa-da dekabr aýlarynda – hatda kompaniýanyň özüniň eýýäm görkezen OnePlus 12-siniň çykarylmagyna garaşylýar. Aldygyna geçginli iPhone 15 bilen Pixel 8 hakda-ha gürrüň edip oturasy iş hem ýok.
Samsung Galaxy S24 smartfonlarynda dürli bazarlar üçin iki sany çipli ulgamyň dizaýnyna gaýdyp geler: Galaxy S24 we Galaxy S24 Plus Exynos 2400 hem-de Snapdragon 8 Gen 3 bilen enjamlaşdyrylar. Ýöne iň ýokary model bolan Galaxy S24 Ultra diňe Snapdragon 8 Gen alar. Kameralar babatynda hiç hili täzelige garaşylmaýar, dizaýnda hem täzelik az.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...