Apple M3 çipli täze MacBook Pro we iMac bilen tanyşdyrdy

  • 31.10.2023 22:08
  • 2.4k+

Apple M3 prosessorlarynda işleýän täzelenen kompýuter hataryny, şol sanda MacBook Pro bilen iMac-y hödürledi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Kompaniýanyň onlaýn tanyşdyrylyşyndan görnüşi ýaly, esasy ýütgeşmeler prosessorlar bilen baglanyşykly. Has kuwwatly, netijeli we öndürijilikli M3 çipleri M2 hatarynyň ornuny çalyşdy. Çipleriň üç modeli hödürlendi: M3, M3 Pro we M3 Max.
Kompaniýanyň aýtmagyna görä, M3 çipli täze MacBook Pro-nyň öndürijiligi M2 bilen deňeşdirilende 40% we M1 çibi bilen deňeşdirilende 60% ýokary bolar. Täze MacBook Pro zarýad bermezden 22 sagada çenli işläp biler.
14 dýuým ekranly MacBook Pro modelleri satyn almak üçin indiki hepdeden 1599 dollar başlangyç baha bilen elýeterli bolar. 16 dýuým ekranly we has ýokary çipli noutbuklar 2499 dollardan başlar we noýabr aýynyň ahyrlarynda alyjylar üçin elýeterli bolar.
Mundan başga-da, Apple 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek iMac stol kompýuterlerini hödürledi. 24 dýuým displeýli täze iMac hem M3 çipleri bilen üpjün edildi. ABŞ-da bu kompýuterleriň bahasy 1299 dollardan başlaýar.
Apple-iň öňki tanyşdyryş dabaralarynyň aglabasyndan tapawutlylykda, bu çäre diňe bir Kaliforniýada agşam sagat 17:00-da geçirilmän, eýsem doly onlaýn görnüşde gurnaldy, bu hem žurnalistlere täze önümlere ýakyndan baha bermäge mümkinçilik bermedi.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...