Bayer AG ýalňyşlygy zerarly bir adamyň rak keseli bilen kesellemegine getirendigi üçin 175 mln dollar tölemäge mejbur edildi

  • 30.10.2023 16:28
  • 30k+

Bayer kompaniýasy Roundup önümini ulanyp, hojinskiý däl limfoma keseline sebäp bolan adama ýetiren hakyky zyýany üçin 25 million dollar we jerime hökmünde 150 million dollar tölemeli edildi. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Pensilwaniýa ştatynyň kazyýet agzalary Bayer AG-iň Monsanto bölümini 83 ýaşly Erni Karançä 175 million dollar tölemäge borçly etdiler. Amerikaly adamyň arzasynda 20 ýyllap öz meleginde Roundup-y ulanmagy hojinskiý däl limfomanyň döremegine sebäp bolandygy aýdylýar.
Bu Roundup babatynda birinji nägilelik däl. Şondan öňem kompaniýa, tä bir hepde mundan öň Sent-Luis ştatynyň kazyýetinde emin agzalary gerbisidi öz düwnük keselinde günäkärleýän başga bir adama 1,25 million dollar jerime tölemeli edýänçä, yzly-yzyna dokuz kazyýet işinde ýeňiş gazanypdy.
Bayer hem öz gezeginde jogap hatynda esassyz höküm bilen ylalaşmaýandygyny we öwezini dolmagyň mukdaryny azaltmagy talap etjekdigini aýtdy, şol bir wagtyň özünde täze baş direktor Bill Anderson hiç zadyň aradan aýrylmaýandygyny we nemes kompaniýasynyň strategiýasyny we gurluşyny gözden geçirýändigini, maýa goýujylaryň ynamyny gaýtadan dikeltmäge we guramany köp kynçylyklardan çykarmaga çalyşýandygyny aýtdy.
Kazyýetde kazyýet işiniň bähbitlerine wekilçilik edýän aklawçy Karançanyň derman serişdesiniň täsiri astynda 400 sagatdan gowrak wagt geçirendigini we gorag eşigini geýmändigini aýtdy. Ikinji aklawçy Jeýson Itkin öndürijiniň adamlara Roundup-yň düwnük keselini döredýändigi barada bilgeşleýin duýduryş bermändigine salgylanyp, adamlara hakykaty aýtsalar, satuwlaryna zyýan ýetirjekdigini belledi. Kazyýet hökümini çykarmazdan öň ony 6 sagat töweregi ara alyp gňeeşdi.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......