Teýlor Swift milliarder boldy

  • 29.10.2023 16:02
  • 20k+

Aýdymçy Teýlor Swiftiň «The Eras Tour» atly dünýä saparynyň şowly bolandygy sebäpli arassa baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg habar berdi.

Agentlik aýdymçynyň şu ýyl ABŞ-daky 53 konsertiniň ýurduň jemi içerki önümine 4,3 milliard dollar goşandygyny we baýlygynyň bolsa 1,1 milliard dollardygyny çaklaýar.
Swiftiň syýahaty 2023-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-da başlandy we Latyn Amerikasynda dowam etdi. 12 sany “Gremmi” baýragynyň eýesi Teýlor Swift 2024-nji ýylyň fewral aýynda Aziýa we maý aýynda Ýewropa barar – hususanam, Angliýada, Germaniýada, Fransiýada we Niderlandlarda çykyş eder. Aýdymçy Lover, Folklore, Evermore we Midnights atly soňky albomlaryndan 40-dan gowrak aýdymy ýerine ýetirýär.
Swift-iň dört albomy bir wagtyň özünde Billboard 200 diagrammasynyň ilkinji 10-lugyna girdi we bu rekordy gazanan ýeke-täk zenan boldy. 57 ýyl ozal surnaýçy Gerb Alpert hem şuňa meňzeş üstünlik gazanypdy. 2016-njy ýylda aýdymçy we gitaraçy Prinsiň (1958-2016) birbada bäş albomy ilkinji onluga girdi, ýöne bu sazanda ol ýogalandan soň boldy.
Speak Now albomynyň täze wersiýasy Billboard 200 sanawynda birinji orny eýelänsoň, Swift-iň aýdym-saz sanawynda öňdebaryjy bolan 12 sany albomy bar. Bu görkezijä görä, aýdymçy Barbra Streýzanddan (11 albom) öňe geçdi we repçi Dreýk bilen deňleşdi, diňe The Beatles-den (19 albom) we repçi Jay-Z-den (14 albom) yza galdy.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......