Kia K5 sedanyny täzeledi

  • 29.10.2023 13:07
  • 9.5k+

Günorta Koreýanyň «Kia» kompaniýasy täzelenen «K5» sedany üçin sargytlary kabul edýändigini mälim etdi.

Ozal «Optima» ady bilen tanalýan täzelenen sedan täze faralar we yzky çyralar bilen üpjün edildi. Onuň optikasy koreý markasynyň ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan elektrik krossowerleriniňki ýaly stilde ýasalypdyr. «K5-iň» bamper konfigurasiýasy hem üýtgedi. Öň tarapynda has uly howa çalşygy bölümleri peýda boldy. Arka tarapda täze gaz çykaryjy ulgamlar ýerleşdirildi. Täzelenen «K5» täze dizaýnly teker disklerine hem eýe boldy. Olaryň gurluş diametri görnüşe baglylykda, 16-dan 19 dýuýma çenli üýtgeýär.
Salonda panoramik egri displeý, media ulgamyny we howa gözegçiligini dolandyrmak üçin ulanylýan düwmeleriň optimizirlenen blogy ýerleşdirilipdir. Täzelenen «K5» Koreýa bazarynda dört hereketlendiriji bilen hödürlenýär. Bu 160 at güýji bolan 2,0-lik atmosfera benzin hereketlendirijisi, 1,6-lyk turbo hereketlendiriji (180 at güýji), şeýle hem propan bilen işleýän 2.0 litrlik hereketlendiriji we şol bir göwrümdäki hereketlendirijä esaslanýan gibrid nusga.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

09.05.2026 12:43
3.6k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
3k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4.1k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......