Tata Group içerki we dünýä bazarlary üçin iPhone öndürer

  • 29.10.2023 08:50
  • 8.1k+

Hindistanyň Tata Group konglomeraty 2,5 ýyldan içerki we dünýä bazarlary üçin Apple amerikan kompaniýasynyň iPhone smartfonlaryny öndürip başlar. Bu barada Hindistanyň Kwalifikasiýany we telekeçiligi ýokarlandyrmak meseleleri boýunça döwlet ministri Rajiw Çandrasekara salgylanyp, Report agentligi habar berýär.

“Bary-ýogy 2,5 ýyldan Tata Group içerki we dünýä bazarlary üçin Hindistanda iPhone öndürip başlar” – diýip, ol X sosial ulgamynda ýazdy. Döwlet ministri munuň konglomerat tarapyndan Apple-iň üpjün edijilerinden biriniň – Hindistanyň Karnataka günorta ştatyndaky Wistron Corp. taýwan korporasiýasynyň zawodynyň satyn alynmagy bilen mümkin bolandygyny aýtdy.

Çandrasekar bu şertnamanyň Günorta Aziýa respublikasyndan elektronika öndüriji hindi kompaniýalarynyň gatnaşmagynda global üpjünçilik zynjyryny gurmaga möhüm goşant goşjakdygyny belledi.
Wistron Corp. korporasiýasynyň metbugat relizinde öň kompaniýanyň müdirler geňeşiniň mejlisinde Hindistanda 100% paýy Tata Group-a satmak baradaky şertnamanyň ylalaşylandygy bellenilýär. Şertnamanyň bahasy 125 mln dollar boldy.
Şeýlelik bilen, Tata Group Hindistan we beýleki dünýä bazarlary üçin iPhone ýygnajak ilkinji hindi kompaniýasy bolar. Tata Group bilen Wistron Corp.-yň arasyndaky gepleşikler birnäçe aý dowam etdi. Karnatakadaky Wistron Corp. zawodynda iPhone 14 eýýäm ýygnalýar. 


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

23.05.2026 20:38
4.9k+

Tata dünýäniň iň arzan awtomobilleriniň biriniň täzelenen görnüşini çykardy

Hindistanyň Tata kompaniýasy dünýäniň iň elýeterli modelleriniň biri hasaplanýan Tiago hetçbeginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobiliň doly göwrümli resmi premýerasy 28-nji maýda meýilleşdirilýär....

18.04.2026 15:27
12k+

Hindistanda öndürilen wnedorožnik 406 tonnalyk otlyny ýerinden gozgady

JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi....

27.10.2025 15:19
4.7k+

Täze Hyundai Venue krossoweri täze dizaýn we iki ekran bilen bazara çykýar

Hindistanda ýerli bazarda iň meşhur modelleriň biri bolan täze Hyundai Venue ykjam krossoweri üçin sargyt kabul edilip başlandy. Täze Hyundai Venue täzelenen dizaýna we gaýtadan işlenen salona eýe boldy. Içinde iki sany  12 dýuýmlyk ekran oturdyldy, ýolagçylar üçin giňişlik artdyryldy – ikinji hatarda aýak üçin aralyga 2 sm goşuldy...