Teýlor Swift Billboard Music Awards-da iň köp nominasiýada görkezilen aýdymçy boldy

  • 28.10.2023 11:48
  • 5.1k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift Billboard Music Awards – 2023 baýragynyň 20 nominasiýasynda dalaşgär görkezildi. Dalaşgärleriň doly sanawy baýragyň resmi saýtynda hödürlendi. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

33 ýaşly ýerine ýetiriji we aýdymlaryň awtory “Iň gowy artist”, “Iň gowy zenan aýdymçy” kategoriýalarynda, şeýle-de “Iň köp satylan artist”, “Iň gowy kantri-artisti”, “Iň gowy kantri-aýdymçysy” kategoriýalarynda dalaşgär görkezildi. Onuň “Anti-Hero” aýdymy bäş baýraga, şol sanda “Iň gowy Hot 100 aýdymy” nominasiýasynda dalaş edýär.
Nominasiýalaryň sany boýunça ikinji orunda (17) amerikaly kantri-aýdymçysy Morgan Uollen we soul-aýdymçysy SZA, üçünji orunda The Weeknd (16) ýerleşýär. Repçi Dreýk we kantri-sazandasy Zak Braýan 14 kategoriýada görkezildi. Olaryň yzyndan Lýuk Kombs (10 nominasiýa), 21 Savage (9), Metro Boomin (9), Maýli Saýrus (9), Beýonse (9), Rema (7), Bad Bunny (6), Peso Pluma (6), Ariana Grande (5), Dawid Getta (5), Eslabon Armado (5), Kerol Ji (5), NewJeans (5) we Selena Gomes (5) gelýär.
Sylaglamanyň netijesi boýunça Teýlor Swift Billboard Music Awards baýraklarynyň sany boýunça Dreýkden öňe geçip biler. Häzir onuň hasabynda 23 heýkel, repçiniň hasabynda 27 heýkel bar. Baýrak gowşurylyş dabarasy 19-njy noýabrda geçiriler.
Öňki dabara 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Las-Wegasda bolupdy. Iň köp baýrak alan Oliwiýa Rodrigo boldy – ol ýedi baýrak aldy. Kanýe Uest alty baýraga, Dreýk bäş baýraga mynasyp boldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....