«Mançester Ýunaýted» ýyllyk rekord girdeji gazandy

  • 28.10.2023 11:28
  • 8.6k+

“Mançester Ýunaýted” soňky maliýe ýylynda 648,4 mln funt sterling ($783,5 mln) möçberde girdeji barada hasabat berdi, bu bolsa Angliýanyň premýer-ligasynda rekorddyr. Bu barada ESPN-e salgylanyp, championat.com habar berýär.

Geçen möwsüm “MÝ-niň” Çempionlar ligasynda däl-de, Ýewropa ligasynda çykyş edendigine garamazdan, umumy girdeji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 11% ýokarlandy. Şeýle-de, klub 42,1 mln funt sterling ($50,9 mln) möçberde ýitgi çekendigini habar berdi.
“Mançester Ýunaýtedde” zähmet haklary üçin çykdajylar bu döwürde 52,8 mln funt sterling ($63,8 mln)  - 331,4 mln funt sterlinge ($400 mln) çenli azaldy. Bu düzümdäki üýtgeşmeler we toparyň ÇL-de çykyş etmezligi bilen baglanyşyklydyr. Kluby terk eden iň ýokary hak alýan futbolçylaryň biri Kriştianu Ronaldudy.
Hasabatda klubuň eýelerine – Gleýzerler maşgalasyna we beýleki paýdarlara hiç hili diwidendiň tölenmändigi aýdylýar.


şu gün 23:41
143

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

şu gün 13:41
7.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
6.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......