Xiaomi täze Xiaomi 14 we 14 Pro smartfonlaryny çykardy

  • 28.10.2023 08:57
  • 11k+

«Xiaomi» Hytaýda uly tanyşdyryş dabarasyny geçirip, onda 14-nji seriýa degişli täze flagman smartfonlaryny hödürledi.

«Xiaomi 14 Pro» täzelenme tizligi 120 Hz, QHD+ durulykly we 3000 nite çenli ýagtylygy bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edildi. Öz gezeginde, «Xiaomi 14» «14 Pro» bilen birmeňzeş täzeleniş tizligi we ýagtylygy bolan has kiçi göwrümli 6,4 dýuýmlyk ekrana eýedir.
Iki smartfonda hem «Snapdragon 8 Gen 3» prosessory ornaşdyryldy. Şol bir wagtyň özünde, «14 Pro-nyň» operatiw ýady 12-den 16 GB-a çenli, esasy modeliňki bolsa 8-den 16 GB-a çenli bolup biler. Enjamlaryň hemişelik ýat modullary birmeňzeş: 256 GB-dan 1 TB-a çenli.
«Xiaomi 14» we «14 Pro» 50 MP-lik esasy kamera, şeýle hem şol bir ölçegli ultra giň burçly obýektiw we teleobýektiw bilen üpjün edildi. Diňe esasy linzalaryň dykyzlygy tapawutlanýar: «Xiaomi 14-de» ol statik häsiýete (f/1.6), «14 Pro-da» bolsa üýtgeýän häsiýete eýe (f/1.42-f/4.0).
Uly modelde 120 Wt çenli simli zarýad beriji we 50 Wt çenli simsiz zarýad beriji goldawy bilen 4880 mAs akkumulýator ornaşdyryldy. Kiçi model bolsa 4610 mAs akkumulýator, 90 Wt çenli simli zarýad beriji we 50 Wt çenli simsiz zarýad beriji bilen üpjün edildi.
«Xiaomi 14» we «14 Pro» «Hyper OS» operasion ulgamy ornaşdyrylan ilkinji smartfonlar boldy. Ol smartfonda 8,75 GB ýer tutýan ýokary derejede optimizirlenen «Android-dyr».


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...