Türkmenistanyň DIM-inde BMG ÝYK-nyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

  • 27.10.2023 18:02
  • 3.4k+

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG ÝYK-iň arasynda ýaşyl energiýa ulgamynda, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça, gün hem-de ýel energiýasy ulgamynda  BMG ÝYK ekspertleriniň goldawynyň geljekki mümkinçiligini, şeýle-de öňdebaryjy energiýa saklaýyş we geçiriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler halkara jemgyýetçiligi bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini belläp, BMG ÝYK tarapyndan gurnalan çäreleriň we Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň olara gatnaşmagynyň ähmiýetini bellediler.
Duşuşykda 2025-nji ýylda Türkmenistanda durnukly energiýa boýunça Halkara forumyny geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......