Mbappe ady rowaýata öwrülen Týerri Anriniň üstünliginden geçdi

  • 27.10.2023 12:01
  • 10k+

“PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe Çempionlar ligasynyň sekiz öý oýnunda yzygiderli gol geçirmegi başaran ilkinji fransiýaly oýunçy boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň saýtyna salgylanyp, Report habar berýär.

Bu görkeziji boýunça Mbappe 2001-nji ýylyň mart aýyndan 2002-nji ýylyň fewral aýyna çenli Angliýanyň “Arsenal” toparynda çykyş edip, yzygiderli ýedi öý oýnunda gol bilen tapawutlanan Týerri Anriden öňe geçdi.
Mbappe Italiýanyň “Milan” toparyna garşy öý oýnunda gol geçirdi. “PSŽ” 3:0 hasabynda utdy. Mbappe 32-nji minutda gol geçirdi. 53-nji minutda hüjümçi Randal Kolo Muani topary üçin ikinji goly tora girizdi. 89-njy minutda oýunçy Li Kan In hasaby üçe ýetirdi. Şeýlelik bilen, “PSŽ” üç oýundan soň alty utuk bilen F toparçanyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. “Milan” bary-ýogy iki bal gazanyp, toparçanyň jedwelini ýapýar.
Çempionlar ligasynyň indiki oýnunda “PSŽ” bilen “Milan” ýene duşuşar. Oýun 7-nji noýabrda Italiýada geçiriler.a


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....