YouTube TikTok tarapyndan basyşa garamazdan girdejisini 12,5% ýokarlandyrdy

  • 26.10.2023 17:35
  • 5.1k+

Alphabet holdinginiň maliýe görkezijileri III çärýegiň jemi boýunça Wall Street analitikleriniň çaklamasyndan ýokary boldy, holdinge degişli bolan YouTube wideo platformasy bolsa 7,95 mlrd dollar mahabat girdejisini görkezdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,5% köpdür diýip, 3dnews.ru belleýär.

FactSet-iň maglumatlaryna görä, analitikler YouTube-yň mahabatdan gazanan girdejisiniň III çärýekde 7,81 mlrd dollar boljakdygyny çakladylar, ýöne platforma bu görkezijiden geçmegi başardy. Bir ýyl ozal YouTube hünärmenleriň garaşanyny ödemedi – şonda girdeji 1,9% peselipdi.
Alphabet öz hasabatynda YouTube-yň diňe mahabat girdejilerini görkezýär, YouTube TV, YouTube Premium we YouTube Music abunalaryndan gazanylan girdejiler, şeýle-de NFL Sunday Ticket oýunlaryny ýaýlyma bermek boýunça eksklýuziw şertnamadan alnan girdejiler bolsa mälim edilmeýär. Şertnama ýedi ýyl möhlet bilen baglaşyldy – Google Milli amerikan futbol ligasyna ýylda 2,5 mlrd dollar töleýär we bu möhletiň dowamynda kompaniýa  şertnamadan ep-esli girdeji gazanmagy göz öňünde tutýar diýip, Alphabet-iň we Google-yň baş maýa goýum müdiri Rut Porat belleýär.
Soňky ýyllar YouTube TikTok bilen güýçli bäsdeşligi başdan geçirýär – garşylykly çäreleriň biri YouTube Shorts bölüminiň peýda bolmagy boldy. Her gün bu ýerde 70 mlrd wideo görülýär, iň bolmanda, aýda bir gezek bölüme 2 mlrd ulanyjy girýär diýip, Alphabet-iň ýolbaşçysy Sundara Piçai belleýär. 2024-nji ýylda Google Podcasts hyzmaty ýapylar – kompaniýanyň ekoulgamynda podkastlar üçin esasy platforma YouTube Music bolar. 


19.06.2025 09:53
8.6k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

25.05.2025 19:06
6.9k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...

28.04.2025 16:06
1.5k+

Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy

Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär...

03.04.2025 13:46
8.1k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...