Apple ikinji güýzki tanyşdyrylyşyny resmi taýdan anons etdi

  • 26.10.2023 17:35
  • 5.2k+

Ençeme gürrüňlerden soň Apple ikinji güýzki tanyşdyrylyş dabarasyny resmi taýdan anons etdi, ol 31-nji oktýabrda geçiriler. Bu barada 9to5Mac neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Apple-iň täze çäresi baradaky bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy. Görnüşi ýaly, dabara “Scary fast” (“Örän çalt”) adyny aldy we Aşgabat wagty bilen 05:00-da başlar.
Adatça, Apple üçin her bir çäräniň anonsy wideo otkrytka bilen bilelikde bolýar. Ikinji güýzki tanyşdyrylyş hem kadadan çykma bolmady – animasiýa kölegä gidip, öz ornuny macOS üçin Finder geçirijisiniň nyşanyna berýän kompaniýanyň logotipini görkezýär. Şeýle tizer dabaranyň Apple-iň täze kompýuterlerine bagyşlanjakdygyny aňladýar. Aýratynam, kompaniýa täzelenen iMac we MacBook Pro kompýuterlerini hödürlemeli.
9to5Mac tanyşdyrylyş dabarasynyň doly wirtual boljakdygyny ýazýar. Ýagny, kompaniýa täze gurluşlary Apple Park-a žurnalistleri ýygnamazdan göni ýaýlymda görkezer. Ýaýlymy kompaniýanyň resmi saýtynda ýa-da YouTube kanalynda görmek bolar.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...