Oleg Kononenko we Nikolaý Çub 7,5 sagatlap açyk kosmosda boldular

  • 26.10.2023 15:40
  • 10k+

Roskosmosyň kosmonawtlary Oleg Kononenko (TASS-yň HKS-däki ýörite habarçysy) we Nikolaý Çub halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) “Poisk” modulynyň çykyş gapagyny ýapdylar, ýagny stansiýa 70-nji uzak möhletli ekspedisiýanyň çäginde ilkinji gezek açyk kosmosa çykmagyny tamamlady diýip, “Roskosmos” ýaýlymda habar berdi.

Kononenko we Çub çarşenbe güni Aşgabat wagty 22:49-da kosmosa çykdylar. Kosmonawtlar gäminiň daşyndaky işini (KDI) 7 sagat 41 minutda tamamladylar.
Gäminiň daşyndaky iş döwründe kosmonawtlar 9-njy oktýabrda syzyş ýüze çykan radiasiýa ýylylyk çalşyjysynyň gidrawliki zynjyrlaryny öçürdiler. Şeýle hem, germetizasiýanyň bozulan ýerini gözden geçirdiler we surata düşürdiler - alnan maglumatlar Ýerdäki hünärmenlere onuň sebäplerini kesgitlemäge kömek eder.
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň kosmosda iň uzak wagt bolmak boýunça rekord goýmaga taýýarlanýandygyny ýatladýarys.
Bu ekspedisiýa Oleg Kononenko üçin aýratyn ähmiýetli, sebäbi ol kosmonawtlaryň arasynda kosmosda geçirilen umumy wagt boýunça rekord eýesi bolar. Onuň uçuşy 375 gün dowam eder, şondan soň kosmosda jemi müň günden gowrak wagt bolmak netijesi bilen Ýere gaýdyp geler.
Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doglup, orta mekdebi şol ýerde tamamlady we soňra Çärjewiň birlşen awiatoparynyň awiasiýa tehniki bazasynda işledi. Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada we Altyn Aý altyn medalyna mynasyp boldy, Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin "Prezident ordeni" bilen sylaglandy.


14.04.2026 14:26
6k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

30.03.2026 18:52
3.5k+

Alymlar ýokary derejeli Gün partlamasyny hasaba aldylar

30-njy mart güni irden Günde ýokary derejeli X klasly partlama hasaba alyndy. Bu iki aýa golaý wagtyň içinde ilkinji gezek ýüze çykan şeýle hadysadyr....

06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.6k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...