Xiaomi 14 Pro-nyň aýratynlyklary belli boldy

  • 26.10.2023 08:59
  • 5.5k+

GizmoChina neşiri flagman Xiaomi 14 Pro-nyň aýratynlyklaryny açdy. Smartfon şu aýyň ahyrynda hödürlenjek “Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3” prosessori bilen işlär.

Enjamyň kamerasy 1 dýuýmlyk Sony IMX989 datçigini we Leica Summilux obýektiwlerini alar. Mundan başga-da, bu enjam Dolby Vision Atmos-a, Hi-Res-e we Hi-Res Wireless Audio goldaw berer. Onsoňam geljekki flagman ozalky Xiaomi 13 Pro-dan tozandan we suwdan goraýyş IP68 derejesini hem saklar.
Täze Xiaomi smartfonlary Qualcomm kompaniýasynyň konferensiýasyndan bir gün soň, 27-nji oktýabrda yglan edilmeli. Gajetleriň hataryna dört model girer: Xiaomi 14, Xiaomi 14 Pro we Xiaomi 14 Ultra. Smartfonlaryň global wersiýalary barada aýdylanda bolsa, olar 2024-nji ýylyň başyndan öň çykmamasa gerek.
Şeýle hem geçen hepde Xiaomi-niň haýsy enjamlarynyň HyperOS-a çenli täzelenjekdigi belli boldy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...